Gazagystan we Belarussiýa nebit eksporty bilen baglanşykly gepleşikler geçirerler

Şertlerdäki düşünişmezçilikler sebäpli Russiýa, 1-nji ýanwardan başlap Belarussiýa nebit eksport etmegini duruzypdy

1353112
Gazagystan we Belarussiýa nebit eksporty bilen baglanşykly gepleşikler geçirerler

Gazagystanyň Energetika ministri Nurlan Nogaýew, Belarussiýa nebit eksportyny ara alyp maslahatlaşmak üçin şu hepde belarus wekiliýetiň sapar guramagyna garaşýandyklaryny habar berdi.

Nurlan Nogaýew, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Belarussiýanyň döwlet nebit kärhanasy Belneftekhimden bir wekiliýetiň gepleşikler geçirmek maksady bilen şu hepde ýurdyň paýtagty Nur-Soltan şäherine sapar gurajakdygyny mälim etdi.

Nebit we nebit önümleri ugrunda hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly şertnama gol çekmegiň üstünde işlenýändigini aýdan Nogaýew: “Şertnama gol çekileninden soň, Belarussiýanyň bizden nebit almaga mümkinçiligi dörär. Belarussiýanyň islegine laýyklykda gazagystanly nebit kärhanalar bilen gepleşikler geçirmegi gurnadyk” diýip habar berdi.

Şertlerdäki düşünişmezçilikler sebäpli Russiýa, 1-nji ýanwardan başlap Belarussiýa nebit eksport etmegini duruzypdy.

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandır Lukaşenko ozal beren beýanatynda, Russiýanyň nebit üçin gymmat baha kesgitlän halatynda başga ýollaryň gözlegine çykyljakdygyny aýan edipdi.



Degişli Habarlar