Hoja Ahmet Ýasawynyň türbedine 1 million 500 müň adam baryp gördi

Welaýatda 168 myhmanhana, 51 dynç alyş ýeri we 60 dynç alyş merkezi bar

1344600
Hoja Ahmet Ýasawynyň türbedine 1 million 500 müň adam baryp gördi

 

Gazagystanyň Türkistan şäherinde ýerleşýän Hoja Ahmet Ýasawynyň türbedine geçen ýyl 1 million 500 müň adam baryp gördi.

Welaýat häkiminiň orunbasary Meýirjan Myrzaliýew, metbugata beren beýanatynda, welaýatyň ykdysady we syýahatçylyk taýdan ösüşü üçin durmuşa geçirlen işler hakynda maglumat berdi.

Myrzaliýew, welaýatda 168 myhmanhananyň, 51 dynç alyş ýeriniň we 60 dynç alyş merkeziniň bardygyny aýtdy.

Myrzaliýew Türkistanyň myhmanhanalarynda halkara ülňülerine laýyklykda restowratiýa işleriniň geçirlendigigine ünsi çekdi.

Welaýat häkiminiň orunbasary Meýirjan Myrzaliýew,”Welaýatda el hünärleri merkezi, halkara howa menzili, teatr, Hoja Ahmed Ýasawy muzeýi ýaly birnäçe binanyň gurluşygy dowam edýär” diýdi.

Türkistanyň syýahatçylaryň ünsüni özüne çekmäge dowam edendigini aýdan Myrzaliýew “Geçen ýyl Hoja Ahmet Ýasawynyň türbedine 1 million 500 müň adam baryp gördi. Şol sanyň 2025-nji ýylda 5 milliona ýetirilmegini maksat edinýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar