Gazagystan Özbegistana elektrik tok eksport eder

Gazagystan şu ýylyň ahyryna çenli Özbegistana 1 milliard dollar kWt/sag elektrik tok eksport etmegi meýilleşdirýär

1264400
Gazagystan Özbegistana elektrik tok eksport eder

Gazagystanyň resmi habar agentligi Kazinform tarapyndan berilen habara görä, Gazagystanyň elektrik energiýasy kärhanasy KEGOC-yň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Bakytjan Kajiýew, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, şu ýyl ýurdyň taryhynda ilkinji gezek Özbegistana elektrik tok eksport etmek babatynda ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi. 

Kajiýew: "Häzirki wagta çenli Özbegistana 500 million kWt/sag elektrik tok eksport etdik. Ýylyň ahyryna çenli 1 milliard kWt/sag elektrik tok eksport etmegi meýilleşdirýäris" diýip aýan etdi. 

 



Degişli Habarlar