Gazagystanda nebit önümçiligi 100 million tonna ýetiriler

Gazagystanyň Milli Ykdysadyýet ministri Ruslan Dalenow, ýurdunyň nebit önümçiliginiň öňümizdäki ýyl 90 million tonna, 2024-nji ýylda bolsa 100 million tonna ýetiriljekdigini habar berdi

1259332
Gazagystanda nebit önümçiligi 100 million tonna ýetiriler

Ruslan Dalenow, 2020-2024-nji ýyl döwlet maksatnamasy bilen baglanşykly, nebit önümçilik çaklamalarynyň aýan edilen ýeri bolan ýurdyň Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatynda, Gazagystanda nebitiň öňümizdäki ýyl 90 million tonna öndüriljekdigini, bu derejäniň 2024-nji ýylda uly nebit ýataklary bolan Tengiz, Karaçaganak we Kaşaganyň giňeldilmegi bilen 100 million tonna ýetiriljekdigini mälim etdi.

Jemi içerki önümiň 2020-nji ýylda 75 trillion tenge (194 milliard dollar) bolmagyna garaşýandyklaryny aýdan Dalenow, bu derejäniň 2024-nji ýylda 106 trillion tengä (275 milliard dollar) çenli artjakdygyny beýan etdi.

Dalenow: “Adam başyna düşýän Jemi içerki önüm 2020-nji ýylda 10,5 müň dollar bolar, 2024-nji ýylda bu san 14,3 müň dollara ýeter. 2020-2021-nji ýyllar aralygynda ýyllyk inflýasiýa 4,6 göterim aralygynda, 2024-nji ýylda bolsa 3-5 göterim aralygynda bolar” diýip habar berdi.

Ýurtda işsiz adamlaryň sanynyň 2024-nji ýylda 4,7 göterim peseljekdigine ünsleri çeken Dalenow, döwlet býujetiniň girdejisini bolsa 2020-nji ýylda 8 trillion tenge (20 milliard dollar), 2021-nji ýylda 8,6 trillion tenge (22 milliard dollar) we 2022-nji ýylda 9,4 trillion tenge (24 milliard dollar) hökmünde kesgitländiklerini aýan etdi.



Degişli Habarlar