Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow bilen duşuşygy boldy

1252240
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow bilen duşuşygy boldy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhman bilen mähirli salamlaşyp, häzirki foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we ýurdumyzda Özbegistan Respublikasy bilen dostluk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýändigini belledi, bu dostlukly ýurt gadymdan gelýän ygtybarly hyzmatdaşymyz bolup durýar.

Bar bolan oňyn döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga taraplaryň hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat hem-de erk-isleglerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary häzirki wagtda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

Myhman döwlet Baştutanymyza Prezident Şawkat Mirziýoýewiň salamyny we doly möçberli sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýän forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen baglanyşykly gutlaglaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Özbegistan türkmen Lideriniň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de Aziýanyň we Ýewropanyň, Ýakyn hem-de Uzak Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegine, ýurtlaryň durnukly ösüşine, durmuş-ykdysady abadançylygyna ýardam bermäge gönükdirilen iri taslamalary goldaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk döwletiň ýolbaşçylaryna, halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de goňşy ýurtlar, şol sanda Özbegistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň milli daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy, bu goňşy ýurduň halky bilen türkmen halkyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary birleşdirýär.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Özbegistanyň Baştutanynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellenildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen-özbek gatnaşyklaryna özara düşünişmegiň hem-de ynamyň ýokary derejesi mahsusdyr, munuň özi ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalaryň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň ýurdumyzyň yklym derejesinde ulag-logistika düzümini kemala getirmekde nobatdaky möhüm ädim hökmünde ähmiýeti bellenildi.

Myhmanyň aýdyşy ýaly, Awazada geçirilýän şu gezekki wekilçilikli duşuşygyň jemleri sebitiň ähli döwletleri üçin hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, parahatçylykly ösüşi, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, asyrlaryň dowamynda halklary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmegiň çäklerinde möhüm tapgyr bolar.

Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri ulag ulgamyny hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, bu strategik ulgamda oňyn başlangyçlaryň birnäçesini öňe süren Türkmenistanyň Prezidentiniň sebitde ulag-üstaşyr düzümleriň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu başlangyçlary goldaýandygy üçin minnetdarlygyny bildirip, häzirki şertlerde ulag ulgamynyň döwletara hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýandygyny nygtady. Soňky ýyllarda Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat we Farap şäherleriniň arasynda gurlan demir ýol we awtomobil köprüleriniň ulanmaga berilmegi şol hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir. Tutuşlygyna alnanda, ulag pudagynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň we serhetdeş sebitleriň ösdürilmegine ýardam edýär, «Demirgazyk —Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugry boýunça üstünlikli ykdysady goşulyşmagyň we hyzmatdaşlygyň örän möhüm şertleriniň biri hökmünde çykyş edýär.

Gürrüň diňe bir guryýer ýollary barada däldir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu ugurda biziň ýurdumyz Özbegistana Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna, Gara we Ortaýer deňizlerine çykmak üçin Hazaryň türkmen kenaryndaky häzirki zaman port düzümlerini peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip edýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Özbegistan —Türkmenistan — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz geçelgesini döretmek boýunça bilelikdäki işe taýýardygy tassyklanyldy.

Şeýle hem söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklarda däp bolşy ýaly, ykdysady ugra aýratyn üns berilýär, bu ýerde anyk netijeler gazanyldy diýip bellediler. Özbegistan uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ugur edinýär diýip, Premýer-ministr Abdulla Aripow önümçilik pudaklarynda, serhetýaka etraplaryň arasynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ünsi çekdi, bu ugurlarda giň mümkinçilikler açylýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we ählumumy gün tertibiniň käbir möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň BMG-niň, GDA-nyň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de ösüşi üpjün etmegiň bähbidine oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardyklary tassyklanyldy.

Ynsanperwerlik ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmek gepleşigiň aýratyn meselesi boldy, iki doganlyk halkyň öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ruhy, etniki, dil umumylygy bu gatnaşyklaryň binýady bolup durýar.

Milli taryhy-medeni mirasy öwrenmek maksady bilen, ylmy-maglumat alyşmagy geljekde hem işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenilip, iki ýurduň alymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda yzygiderli ýagdaýda halkara maslahatlary geçirmäge özara gyzyklanma beýan edildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow uzak möhletleýin dost-doganlyk esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.(TDH)



Degişli Habarlar