Gyrgyz Respublikasynyň ozalky Prezidenti Atambaýewiň tussag edilmegi üçin operasiýa guraldy

Almazbek Atambaýew  düşündiriş bermegi kabul etmedi “Men bu sirkde oýnamaryn” diýdi

1249650
Gyrgyz Respublikasynyň ozalky Prezidenti Atambaýewiň tussag edilmegi üçin  operasiýa guraldy

Gyrgyz Respublikasynyň ozalky Prezidenti Almazbek Atambaýewiň öýüne howpsyzlyk güýçleri tarapyndan operasiýa guraldy

27-nji iýunda el degrilmezligi aýrylan Atambaýew geçen aý şahat hökmünde  3 gezek düşündiriş üçin kazyýete çagyrlypdy.

Almazbek Atambaýew  düşündiriş bermegi kabul etmedi “Men bu sirkde oýnamaryn” diýdi.

Şol sebäpli hem howpsyzlyk güýçleri ozalky prezidenti tussag etmek üçin öýüne operasiýa gurady

Atambaýewiň öýi we daş-töweregi howpsyzlyk güýçleri tarapyndan gabaw astyna alyndy.

Ozalki lideriň tarapdarlary Atambaýewiň tussag edilmezligi üçin howpsyzlyk güýçlerine garşylyk görkezdi.

Howpsyzlyk güýçleriniň Atambaýewiň öýüniň öňünde nobata duran taraplaryna ot açandygy we wakada ýaralananlaryň bardygy aýdylýar

Gyrgyzystanda 2011-2017-nji ýyllaryň aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesini ýerine ýetiren Atambaýew,  kürsüsini Sosýal demokrat partiýadan Sooronbaý Jeenbekowa tabşyrypdy

Ozalky gyrgyz lideri Atambaýew Merkezi Ýyladyş edarasynyň we Taryh muzeýiniň döwrebaplaşdyrylmagy, kömür tendri,  jenaýatçylykly guramanyň lideri Aziz Batukaýewiň boşadylmagy, mellek satyn almak we ekerançylyk ýerinde gurluşyk işleriniň alnyp barylmagyna rugsat bermek ýaly birnäçe ugurda günäkärlenýär

 

 



Degişli Habarlar