Bakuda Ýewropa Ýaşlar olimpiada tomusky festiwal öz işine başlady

Azerbaýjanyň ýer eýeçilik etmeginde Ýewropa Ýaşlar Olimpiada tomusky festiwal (EYOF 2019), ýurdyň paýtagty Bakuda geçirilen açylyş dabara bilen öz işine başlady

1240093
Bakuda Ýewropa Ýaşlar olimpiada tomusky festiwal öz işine başlady

Ýewropanyň Olimpia komitetleri tarapyndan 2 ýylda 1 gezek geçirilýän EYOF çäresiniň şu ýylky 15-njisi Bakuda geçirilen EYOF 2019-yň açylyş dabarasynda Azerbaýjanyň baýdagy galdyryldy we Azerbaýjanyň milli senasy ýaňlandy. 

Horeografiýa we yşyk görkezilişi bilen dowam eden dabaranyň çäginde türgenler öz ýurtlarynyň baýdaklary bilen bilelikde meýdana çykdylar. 

Dabara Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew, aýaly Mihriban Aliýewa we Ýewropanyň Olimpia komitediniň başlygy Ýanez Kosiançiç tomaşa etdiler. Prezident Ilham Aliýewiň oýunlarynyň başlandygyny resmi ýagdaýda yglan etmeginden soň Olimpiada oýunlarynyň baýdagy galdyryldy. 

Ondan soň bolsa soňky gezek Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde ýakylan alaw, Olimpiada oýunlarynyň azerbaýjanly çempiony Ferit Mansurow tarapyndan stadiony alynyp gelinip, oýunlarynyň başlangyjy ýerine ýetirildi. 

Türkiýe 50 ýurtdan 3500-den gowrak türgeniň gatnaşjak çärede spordyň 9 görnüşi boýunça 126 türgeni bilen bäsleşer. 

15-nji gezek geçirilýän çäre 27-nji iýulda tamamlanar. 

 



Degişli Habarlar