Aşgabatda halkara sergi-ýarmarka we ylmy maslahat açyldy

«Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahat öz işine başlady

1190848
Aşgabatda halkara sergi-ýarmarka we ylmy maslahat açyldy

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna gabatlanylyp, halkara sergi-ýarmarka hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahat öz işine başlady.

Ajaýyp sene mynasybetli çäreler eziz Watanymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda ýaýbaňlandyryldy, sungat ussatlarynyň çykyşlary, döredijilik bäsleşikleri we sport ýaryşlary guraldy. Düýn Aşgabatda geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde guralan bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş sungatynda beýan etmek boýunça bäsleşigiň çäklerinde Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen sungat ussatlarynyň eserleriniň sergisi hem ganatly bedewlere bagyşlandy.

Baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly myhmanlar — dünýä atçylyk pudagynyň wekilleri, bilermenler, ippolog alymlar, gadymy türkmen bedewleriniň tohumlarynyň muşdaklary we meşhur ahalteke bedewleriniň wagyzçylary täsin ahalteke bedewiniň hormatyna guralan dabaralara gatnaşmak üçin Ýewropadan, Aziýadan, Amerikadan Türkmenistana geldiler.

Şu ýyl ýöriteleşdirilen gözden geçirilişe hem-de ylmy maslahata — dünýäniň 20-den gowrak döwletinden — Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Urugwaýdan, Gruziýadan, Çehiýadan, Belarusdan, Türkiýeden, Kanadadan, Fransiýadan, Eýrandan, Hytaýdan, Ukrainadan, Ispaniýadan, Italiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Hindistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Iordaniýadan, Moldowadan we beýlekilerden 50-ä golaý esasy kompaniýalar we firmalar ýygnandy.

Çärelere gatnaşýan ýurtlaryň uly düzümi Söwda-senagat edarasy we «Türkmen atlary» döwlet birleşigi tarapyndan her ýyl bilelikde geçirilýän pudaklaýyn forumlaryň abraýynyň barha artýandygyny tassyklaýar.

Dünýäniň meşhur atşynaslary, atçylyk sportunyň we syýahatçylygyň wekilleri meşhur ahalteke bedewleriniň watany hökmünde Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýärler. Ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkara derejede atçylygyň ösdürilmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşup, köp tohumlaryň genofonduny baýlaşdyrdy. Bu ýerde häzirki zaman pudaklaýyn düzümi döredildi.

Söwda-senagat edarasynyň binasynyň sergi zalynyň meýdançalarynda dünýäniň we ýurdumyzyň atçylygynyň giň gerimli sergisi guraldy. Onda atçylyk sportunyň görnüşlerini ösdürmegiň dürli ugurlary, taryhy-medeni tejribäni we bu ulgamdaky häzirki zaman ösüşi, halkara ylmy we işewür hyzmatdaşlygy üçin mümkinçilikler açylyp görkezilýär.

Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşyjylar, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ylym we döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okalýar. Onda merdana halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri özüniň nepis halysy, altyn-kümüş şaý-sepleri we gamyşgulak bedew aty bilen şöhratlanyp gelendigi nygtalýar. Behişdi bedewlerimiz milletimiziň buýsanjydyr we müňýyllyklaryň dowamynda döreden ajaýyp gymmatlyklarynyň biridir.

Döwlet Baştutanymyz asylly däpleriň gaýtadan dikeldilmegi we atçylyk ulgamynda täze üstünlikleriň gazanylmagy barada aýdyp, behişdi bedewleriň tohumynyň arassalygyny saklamak, meşhur bedewleriň baş sanyny artdyrmak baradaky işe jogapkärli hem-de döredijilikli çemeleşýän türkmen atşynaslarynyň goşandyny aýratyn belledi.

Ak mermerli paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkunyň täzelenilmegi, Ahal welaýatynda Köpetdagyň etegindäki Halkara atçylyk-sport toplumynyň hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, atçylyk sporty boýunça okuw merkeziniň döredilmegi Garaşsyz Diýarymyzda atçylyk sungatyny ösdürmäge uly üns berilýändigini aýdyň görkezýär diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda geçirilýän bu halkara sergi-ýarmarkanyň hem-de ylmy maslahatyň Garaşsyz döwletimiziň atçylyk pudagynda gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri bilen halkara jemgyýetçiligi giňden tanyşdyrmakda, dünýäniň meşhur atşynaslary bilen özara tejribe alyşmakda, gyzyklanma bildirýän kompaniýalar we hususy atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de paýtagtymyzyň iri muzeýleriniň we türkmen telekeçileriniň köpöwüşginli diwarlyklary bilen birlikde, bu ýerde milli atçylyk assosiasiýalaryna we klublara wekilçilik edýän daşary ýurtly gatnaşyjylaryň, ýöriteleşdirilen gurluşyk kompaniýalaryň, atçylyk üçin enjamlary we beýleki köp görnüşli önümleri öndürijileriň, okuw-türgenleşik desgalarynyň hem-de sport guramalarynyň, weterinariýa klinikalarynyň, mahabat agentlikleriniň, çeperçilik salonlaryň we fotostudiýalaryň diwarlyklary uly meýdany eýeledi.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanda pudagy döwrebaplaşdyrmaga işjeň gatnaşýan hyzmatdaş kompaniýalar — «Duralock» (Beýik Britaniýa), «Tack & Track LLC» (BAE), «Bekpinar Horse Race Equipments» (Türkiýe) kompaniýalary bar.

Pawilýonlaryň uly bölegi weterinariýa bagyşlanyldy. Daşary ýurtlaryň esasy pudaklaýyn kompaniýalary — «Equicenter Ez Ltd» (RF), «Biotecsi Ltd» (Gruziýa), «LLC Fortis-Pharma» (Ukraina), «Vehiculoscaballos» (Ispaniýa), «Sampaoli Andrea Creazioni» (Italiýa), OOO «Beleka» (Belarus Respublikasy), «Credence Remedies» (Hindistan), «Montajat Veternary Pharmaceuticals Co.Ltd» (Iordaniýa) we beýleki kompaniýalary ýörite enjamlary hem-de atlaryň barlaglaryny geçirmek üçin serişdeleri hödürlediler, atlary bejermek hem-de dikeltmek üçin zerur bolan önümleriň we hyzmatlaryň köp görnüşlerini görkezdiler, derman serişdeleri bilen tanyşdyrdylar.

Biziň daşary ýurtly kärdeşlerimiz sport esbaplaryny («4 Hooves GmbH»), çapyksuwarlar üçin lybaslary we beýleki serişdeleri («Ugurcan Karoser»), minerallaşdyrylan iýmleri («Gran-Pri»), athanalara gözegçilik etmek üçin niýetlenen wideo enjamlary («Shenzhen Portsar Electronics Co.Ltd») görkezdiler.

Weterinariýa üçin barlaghana-ölçeýji abzallary, lukmançylyk serişdeleriniň hem-de atlaryň şikeslerini bejermek we saglygyny dikeltmek üçin niýetlenen dermanlaryň, iýmleriň we ýokumly goşundylaryň önümçiligine bagyşlanan diwarlyklar hünärmenleriň aýratyn ünsüni çekdi.

Daşary ýurtly myhmanlar bölümleriň köpöwüşginli bezegini hem-de milli öwüşginini bellediler. Olarda türkmen halyçylyk we zergärçilik sungatynyň, çeperçilik senetleriniň ajaýyp eserleri, meşhur türkmen nakgaşlarynyň suratlary goýuldy. Suratkeşler bedewleriň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornuny ussatlyk bilen beýan etdiler. Köp sanly heýkel şekillerinde bolsa atyň ýyndamlygy we syratlylygy görkezildi.

Sergi zalynda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň pudagy ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça pawilýonlary, ýurdumyzyň bäş welaýatynyň hem-de çapyksuwarlary taýýarlaýan Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Dokma senagaty ministrliginiň, Döwlet neşirýat gullugynyň diwarlyklary ýaýbaňlandyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly täze kitaby sergide mynasyp orun eýeledi. Milli Liderimiziň beýleki eserleri —«Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly kitaplary ýaly täze neşir hem behişdi bedewleriň taryhynyň türkmen halkynyň watançylyk we ynsanperwerlik däplerini kemala getirmek baradaky gadymy ýörelgeleri bilen berk arabaglanyşygyny täsirli beýan etmek babatda daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Oňa ýurdumyzdan we dünýäniň dürli döwletlerinden ippolog alymlaryň, atşynaslaryň, taryhçylaryň, etnografiýaçylaryň we beýleki hünärmenleriň 160-dan gowragy gatnaşdy.

Umumy mejlisde çykyş edenler ahalteke bedewiniň diňe bir tebigatyň peşgeşi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkynyň ajaýyp tohumçylyk sungatynyň netijesidigini nygtadylar. Halkymyz dört müň ýylyň dowamynda bu täsin bedewleriň arassa ganyny saklap galmagy hem-de olarda iň gowy häsiýetleri — wepadarlyk, çydamlylyk, güýç-gaýratlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemegi başardy. Ýurdumyzyň atçylygyny, bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde, Türkmenistanda döwrebap pudaklaýyn düzümi döretmekde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly şahsy goşandy bellenildi.

Atçylyk ulgamynda toplanan tejribäni, täze ylmy barlaglary we bu ulgamdaky açyşlar barada pikir alyşmak üçin özboluşly çäräniň geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Milli atçylyk däplerini ösdürmäge we wagyz etmäge, türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmaga, bu ugurda ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmäge we ýaş hünärmenleri taýýarlamaga goşan ägirt uly goşandy üçin hormatly atlara mynasyp bolan atçylyk pudagynyň iň gowy işgärlerini sarpalamak dabarasy boldy.

27-nji aprelde halkara sergi-ýarmarka hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahat öz işini tamamlar. Forumyň wekilleri Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan beýleki dabaralara hem gatnaşarlar. (TDH)



Degişli Habarlar