DKTR-da Ýagşylyk festiwaly geçirildi

"Kipr türkleriniň bagtyýarlygy we Türkiýe bilen edýän gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin elimizden geleni etmäge dowam ederis"

1184396
DKTR-da Ýagşylyk festiwaly geçirildi
abdullah eren.jpg
kktc iyilik festivali.jpg
kktc iyilik festivali.jpg
abdullah eren-mustafa akinci.jpg

 

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň  we Kipr Gaznalar edarasynyň goldaw bermeginde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda “Ýagşylyk festiwaly” geçirildi.

Festiwala gatnaşmak üçin Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna giden  Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň başlygy Abdullah Eren festiwalyň çäginde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy, Premýer ministr Turfan Erhürman we Wise-premýer we Daşary işler ministri Kudret Özersaý  bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň başlygy Abdullah Eren iş saparynyň çäginde  şeýle hem DKTR-nyň Gaznalar edarasynyň 448 we Kipr türk dolanşygyna yzyna alynmagynyň 63 ýyllygynyň çaginde Gaznalar hepdeligine bagyşlanan “Ýagşylyk” temaly maslahata gatnaşdy.

Maslahatda söz sözlän DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy, festiwalyň geçirilmegine uly goşant goşan Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň başlygy Abdullah Erene beren godlawlary üçin sag bolsun aýtdy.

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň başlygy Abdullah Eren hem Kipr türkleriniň bagtyýarlygy we Türkiýe bilen edýän gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin ellerinden geleni etmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar