“Ermenistan Azerbaýjandan basyp alan ýerlerini neşe maddalarynyň önümçiligi üçin ulanýar”

Azerbaýjanyň Premýer ministri Nowruz Memmedow, Ermenistanyň Azerbaýjandan basyp alan ýerlerini neşe maddalarynyň önümçiligi we daşalmagy üçin ulanýandygyny nygtady

1183586
“Ermenistan Azerbaýjandan basyp alan ýerlerini neşe maddalarynyň önümçiligi üçin ulanýar”

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda 36-njy Halkara Neşe söwdasyna garşy göreş konferensiýasy başlady.

Azerbaýjanyň hökümeti we ABŞ-niň Adalat ministrliginiň Neşe söwdasyna garşy göreş bölüminiň bilelikde geçiren konferensiýanyň açylyşyna gatnaşan Memmedow, konferensiýa ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynyň Halkara Narkotik we hukuk taýdan embargolar býurosynyň resmisi Riçard Gliniň, azerbaýjanly ministrleriň we 130-dan gowrak ýurdyň wekilleriniň gatnaşýandygyny habar berdi.

Azerbaýjanyň Premýer ministri Nowruz Memmedow, maslahatyň açylyşynda eden çykyşynda, neşe maddalarynyň ulanylmagynyň dünýä üçin uly mesele bolmaga dowam edýändigini belläp, neşe maddalarynyň şol bir wagtda terroryň pul çeşmesi hökmünde halkara howpsyzlyga wehim salýandygyny beýan etdi.

Azerbaýjanyň Daglyk Garabag sebitiniň we töweregindäki welaýatlaryň eýýän 25 ýyl bäri Ermenistanyň gol astyndadygyny ýatladan Memmedow: “Basyp alyjylyk, halkara terrorizm we bikanun neşe söwdasy üçin oňyn şertler döredýär. Ermenistan Azerbaýjandan basyp alan ýerlerini neşe maddalarynyň önümçiligi we daşalmagy üçin ulanýar” diýdi.

Wise-premýer Ali Hasanow hem eden çykyşynda şol meselä ünsleri çekip, ermenileriň gözegçiligi astyndaky Azerbaýjanyň topraklarynda neşe maddalaryny öndürip satýandygyny, şol pula bolsa ýarag alýandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar