Lukoil Özbegistanda tebigy gaz önümçiligini artdyrdy

Russiýanyň nebit kärhanasy Lukoil, Özbegistandaky tebigy gaz önümçiligini geçen ýyl 2017-nji ýyla garanyňda 66,7 göterim artdyryp, 13,42 milliard kub metre çenli ýokarlatdy

1161094
Lukoil Özbegistanda tebigy gaz önümçiligini artdyrdy

Lukoil tarapyndan berilen beýanatda, Özbegistanda tebigy gaz gözleg we önümçilik işlerini ýerine ýetirýän kärhananyň, 2017-nji ýylda 8,05 milliard kub metr tebigy gaz çykarandygy mälim edildi.

Tebigy gaz önümçiligindäki artyşyň kärhananyň ýurtdaky täze gaz arassalaýan desgalaryň işläp başlamagy bilen baglanşyklydygy aýdylýan beýanatda, Lukoiliň Özbegistanda tebigy gaz önümçiligini geçen ýyl 2017-nji ýyla garanyňda 66,7 göterim artdyryp, 13,42 milliard kub metre ýetirendigi habar berildi.

Kärhananyň resmileri tarapyndan ozal berilen beýanatda hem, 2020-nji ýylda Lukoiliň Özbegistanda tebigy gaz önümçiligini 16 milliard kub metre ýetirmegi göz öňünde tutýandyklary aýan edilipdi.

Lukoil Özbegistanyň hökümeti bilen möhledi 2046-njy ýyla çenli bolan önüm paýlanşygy ylalaşygynyň çäginde, ýurdunyň Kandym, Hisar we Hauzak ýataklaryndan tebigy gaz çykarýar.  

Dünýäde tebigy gaz önümçiligi boýunça ilkinji 10 ýurdyň arasynda bolan Özbegistanyň 1,1 trillion kub metr tebigy gaz ätiýajyna eýedigi habar berildi.

Özbek hökümeti 2021-nji ýyla çenli nebit we tebigy gaz pudagynda durmuşa geçirjek 78 taslama üçin jemi 30,4 milliard dollarlyk maýa goýmagy meýilleşdirýär.



Degişli Habarlar