Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýewi doglan güni bilen gutlady

Iki lider Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalanmagyndan hoşal

1112710
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýewi doglan güni bilen gutlady

Prezident R. T. Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi doglan güni bilen gutlady.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe telefon eden Prezident Erdogan kärdeşini doglan güni bilen gutlady.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem özüne saglyk, bagtly durmuş we rowaşçlyk arzuw eden Prezident Erdogana sagbolsun aýtdy.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalanmagyndan hoşaldyklaryny belledi.

 

 



Degişli Habarlar