TRT Azerbaýjanda ýylyň iň başarjaň daşary ýurt habar beriş guramasy baýragyna laýyk görüldi

Azerbaýjanyň garaşsyzlygyny ýaňadandan almagynyň 25 ýyllygy mynasybetli paýtagt Bakuwda geçirilýän çäreler dowam edýär

1071399
TRT Azerbaýjanda ýylyň iň başarjaň daşary ýurt habar beriş guramasy baýragyna laýyk görüldi

Hususy produksiýa firmasy tarapyndan guralan “Garaşsyzlyk güni” çäresinde ýylyň iň başarjaň türgenleri we media guramalary sylaglandy.

Baý mazmunly gepleşikleri we habarlary bilen azerbaýjanly tomaşaçylaryň göwnünden turýan TRT ýylyň iň başarjaň daşary ýurtly habar beriş guramasy derecesine eýe boldy.

TRT-niň Bakuwdaky wekilhanasynda üstünlikli işleri bilen tanalýan habarçy Naile Ekberowa hem baýraga laýyk görüldi.

Çärede Azerbaýjanyň garaşsyzlygy baradaky dokumental film hem görkezildi.


Etiketkalar: #TRT , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar