"Ermenistan basyp alan Azerbaýjanyň topraklaryndan şertsiz ýagdaýda çekilmeli"

TBMM-niň başlygy Binali Ýyldyrym, Ermenistanyň basyp alan Azerbaýjanyň topraklaryndan şertsiz ýadgaýda çekilmeldigini belledi

1054293
"Ermenistan basyp alan Azerbaýjanyň topraklaryndan şertsiz ýagdaýda çekilmeli"

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda saparda bolýan TBMM-niň başlygy Binali Ýyldyrym, Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň 100-njy ýyllygy mynasybetli geçirilen ýörite bölümine gatnaşdy.

Binali Ýyldyrym, ol ýerde eden çykyşynyň ilkinji bölümini Azerbaýjan dilinde ýerine ýetirdi we ýygnaga gatnaşan adamlar tarapyndan takdyr edildi.

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň şol bir milletiň neslidigini aýdan Binali Ýyldyrym: “Türkiýe Azerbaýjandyr, Azerbaýjan bolsa Türkiýe” diýdi.

Binali Ýyldyrym, kyn we aladaly bir döwürden geçýän dünýäde dartgynlyklaryň azaldylmagynyň zerurdygyny belläp: Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky konstruktiw, tutanýerli we durnukly hyzmatdaşlygyň bu ugurdaky göreldeli bir nusgadygyny beýan etdi.

Azerbaýjanyň parahatçylyk, asudalyk we howpsyzlygynyň takdyr edilmeldigini aýdan Ýyldyrym: “Tapawutly ynanç we medeniýetleriň parahatçylyk içinde bir ýerde ýaşaýan bu topraklar, Kawkazlardaky beýleki döwletlerede nusga bolýar” diýdi.

Sebitiň ençeme ýyl bäri gangrena ýagdaýyna gelen iň uly meselesiniň bolsa Ýokary Karabagdygyny aýdan Binali Ýyldyrym: “Bu meselä hemişelik çözgüt tapylmadan Kawkazlarda çaknyşyk howpyny ortadan aýyrmak mümkin däl. Türkiýe iň başyndan bäri Azerbaýjanyň talaplaryny goldaýar. Ermenistan döwleti Ýokary Karabag bilen birlikde, basyp alan Azerbaýjanyň topraklaryndan şertsiz ýagdaýda çekilmelidir. Bu topraklar Azerbaýjanyňkydyr. Düýn şolar ýalydy, bu baky şeýle bolar” diýdi.



Degişli Habarlar