Azerbaýjan TANAP taslamasyny baýraga laýyk gördi

TANAP bellenen möhletden ir we az çykdajy bilen tamamlanmagy sebäpli baýraga laýyk görüldi

1053462
Azerbaýjan TANAP taslamasyny baýraga laýyk gördi

 

Trans Anatoliýa Tebigy Gaz Turba Geçirijisi Taslamasy (TANAP) Azerbaýjandan sylaglandy

Azerbaýjanyň Şahdeniz gaz giňişliginden çykarylýan tebigy gazy Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrmak üçin gurlan we Günorta gaz koridorynyň esasy bölümini emele getirýän TANAP bellenen möhletden ir we az çykdajy bilen tamamlanmagy sebäpli baýraga laýyk görüldi.

TANAP-yň baş müdiri Saltuk Düzýol beren ýazmaça beýanatynda Azerbaýjanyň döwlet Ýolbaşçysy İlham Aliýew tarapyndan her ýyl bellenilip geçilýän 20-nji sentýabr Bütindünýä Nebitçiler gününde “Dostluk meýdaly” bilen sylaglanmagyň buýsandyryjydygyny nygtady.

Şeýle uly baýraga laýyk görülendikleri üçin buýsanýandyklaryny beýan eden Düzýol; “1850 kilometr uzynlygy bilen şu günki güne çenli Türkiýä çekilen iň uly göwrümdäki we uzynlykdaky turba göteriji bolan TANAP-y bellenen möhletden ir tamamlap, taslamanyň töleglerinden uly tygşytlylyk etdik” diýip nygtady.

Iýun aýynda Eskişehire çenli bolan birinji tapgyry ulanmaga berilen TANAP-yň Günorta gaz koridorynyň Ýewropa bölegini emele getirýän Trans Adriatik Tebigy Gaz Turba Geçirijisi TAP-a birikdirilmegi meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar