Ermenistanyň ýaragly güýçleri Azerbaýjanda ilatly ýerlere ot açdy

Hüjümde ölen ýiteniň bolmandygy emma käbir öýlere zeper ýetirlendigi ýatladyldy

1050031
Ermenistanyň ýaragly güýçleri  Azerbaýjanda ilatly ýerlere ot açdy

Ermenistanyň ýaragly güýçleri front liniýasynda azerbaýjanly asuda ilata garşy dürli ýaraglar bilen ot açdy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň 14-nji sentýabrda agşamara front liniýasynda ot açmaga başlandygy nygtaldy.

Beýanatdaermeni esgerleriniň şu gün irdene çenli Towuz, Terter we Agdam welaýatlarynda ilatly ýerlere dürli ýaraglar bilen ot açandygy bellenildi.

Beýanatda hüjümde ölen ýiteniň bolmandygy emma käbir öýlere zeper ýetirlendigi ýatladyldy.

Beýanatda Ermenistanyň Azerbaýjanda ýörite günlerde we baýramlarda bilkastlaýyn şeýle hüjümler guraýandygyna üns çekildi.

Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň hem Ermenistanyň ýaragly güýçlerine ot açmak bilen gaýtawul berendigi, garşy tarapda çekilen ýitgiden ermeni hökümetiniň jogapkärdigi bellenildi.

 

 



Degişli Habarlar