Gyrgyzystanda Halkara Etno medeniýet festiwaly başlady

Gyrgyzystanyň Prezidenti Soornbaý Jeenbekowyň hemaýatkärlik etmeginde 2-nji sentýabrda resmi dabara bilen başlan Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynyň çäginde Halkara Etno medeniýet festiwaly başlady

1043677
Gyrgyzystanda Halkara Etno medeniýet festiwaly başlady
etno kultur festivali3.jpg
etno kultur festivali2.jpg
etno kultur festivali1.jpg

Yssyk Köl sebitiniň Bosteri obasyndaky Nomad amfiteatrynda geçirilen festiwalyň açylyşyny ýurdyň Premýer ministri Muhammedkalyý Abylgaziýew ýerine ýetirdi.

Çarwa kökleri bolan halklaryň etno mirasynyň goralmagyny maksat edinýän Halkara Etno medeniýet festiwalynyň açylyşynda söz sözlän Muhammedkalyý Abylgaziýew: “Halkara Etno medeniýet festiwaly, Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynyň bir bölümidir. Oýunlar bilen globallaşmak eýýamynda etno-medeni, dünýäniň çarwa halklarynyň we etnograflarynyň etno-medeni däplerini halkara derejede özgermegini, ýaýramagyny we tanalmagyny maksat edinýäris” diýdi.

Gyrgyzystanyň Premýer ministri Muhammedkalyý Abylgaziýew ýokary tehnologiýa we global ylmy üstünlikleriniň başdan geçirilýän döwründe medeniýetleri goramaga mejburdyklaryny belledi.

Gyrgyzystanda 2 gün bäri dowam edýän oýunlaryň 2018-njy ýylyň iň möhüm medeni çäreleriniň birine öwrülendigini aýdan Abylgaziýew: “Oýunlarda günorta amerikalylar, wikingler, mongollar, hytaýlylar, araplar, ýaponlar we Türki dilli halklar biri-birleriniň üstüni ýetirýärler. Şol sebäpli oýunlaryň jomart Manas gahrymany we dünýä meşhur ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň topraklarynda geçirilmeginden örän hoşaldyrys. Gelen myhmanlaryň gyrgyz halky bilen ýatlamalaryny, bu ýeriň bozulmadyk tebigatyny we Yssyk Köli bilen bagly ähli ýatlamalaryny öýlerine alyp gitmegini isleýäris” diýdi.

Gyrgyzystanyň Premýer ministri Muhammedkalyý Abylgaziýew Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň saýasynda Gyrgyzystan halkynyň, topraklarynyň, tebigatynyň, däp-dessurlarynyň, adatlarynyň we milli aýratynlyklarynyň dünýä iň gowy ýagdaýda tanatmak pursatlarynyň bolandygyny habar berdi.

Nomad amfiteatrynda 3 günüň dowamynda her gün agşam geçiriljek etno festiwalda 350 ýerli we daşary ýurtly sungat işgärleri "Etno tans", "Etno moda", "Etno bazar", "Etno öý”, “Hekaýa we rowaýat aýtmak” ýaly ugurlar boýunça çykyş ederler.



Degişli Habarlar