Çarwa oýunlary üçin gurlan etno şäher dabaraly ýagdaýda açyldy

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekowyň hemaýatkärliginde düýn başlan 3-nji Bütindünýä Çarwa oýunlarynyň taýarlyklarynyň çäginde gurlan etno şäher açyldy

1042677
Çarwa oýunlary üçin gurlan etno şäher dabaraly ýagdaýda açyldy
gocebe oyunlari.jpg
gocebe oyunlari kirgizistan.jpg

Kyrçyn ýaýlagynda geçirilýän Çarwa oýunlary üçin gurlan 500-den gowrak çadyrdan ybarat bolan etno şäher dabaraly ýagdaýda açyldy.

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň we Anadoly habarlar gullugynyň media hyzmatdaşlygynda geçirilýän Çarwa oýunlary Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow tarapyndan açyldy.

Açylyş dabarasynda sungat ussatlarynyň “Çarwalaryň altyn asyry” atly teatr oýuny bilen gyrgyzlaryň taryhy we çarwa durmuşlary sahnalaşdyryldy.

Prezident Jeenbekow oýunlaryň açylyş dabarasynda sözlän sözünde ýokary guramaçylyk we oýunlara berýän goldawy sebäpli halkyna sag bolsun aýtdy.

Sooronbaý Jeenbekow iki ýyldan bir gezek geçirilýän Çarwa oýunlarynyň açylyş dabarasyna Türki dilli ýurtlaryň liderlerinden Prezident R. T. Erdoganyň, Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň, Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orbanyň, Russiýa Federassiýasynyň Tatarystan Awtanomiýasynyň Prezidenti Rüstem Minnihanowyň hem gatnaşandygyny belledi.

Prezident Jeenbekow kärdeşi Erdoganyň çarwa oýunlarynyň dördünjisiniň Türkiýede geçirilmegine goldaw berendigini nygtady.

Şeýlelikde geljekki Çarwa oýunlarynyň Türkiýede geçiriljekdigini aýdan Jeenbekow, türk halkyna we Prezident Erdogan berýän goldawlary üçin sag bolsun aýtdy.

 



Degişli Habarlar