Türk geňeşiniň 6-njy liderler maslahaty öz işini tamamlady

Türk geňeşiniň Baş sekretarlygyna Gazagystanyň Eýrandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ozalky ilçisi Bagdad Amreýew bellenildi

1042220
Türk geňeşiniň 6-njy liderler maslahaty öz işini tamamlady

 

Gyrgyz Respublikasynyň döwürleýin ýolbaşçylygynda geçirlen Türk geňeşiniň 6-njy liderler maslahaty öz işini tamamlady.

Çolpon-Ata şäherindäki Ruh Ordo medeniýet merkezinde geçirlen maslahatyň jemleýji jarnamasynda Türk geňeşiniň Baş sekretarlygyna Gazagystanyň Eýrandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ozalky ilçisi Bagdad Amreýewiň bellenendigi nygtaldy.

Türk geňeşiniň täze Baş sekretary Amreýew metbugata beren beýanatynda, maslahatda Türk geňeşiniň geljekde durmuşa geçirjek möhüm işleriniň seljerlendigini nygtady.

Amreýew “Maslahatda Wengriýa synçy statusy berildi. Doganlyk wenger halky aslynyň uly daglardadygyna ynanýar. Bu dogrudyr. Wengerleriň atalaryny ýatdan çykarmandygy üçin biz hem hoşal” diýdi.

Amreýew maslahata gatnaşan Özbegistanyň hem ýakynda gurama agzalygynyň kabul edilmegini umyt edýändigini belledi.

Türk geňeşiniň 6-njy liderler maslahatyna Prezident R. T. Erdogan, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen birlikde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Beýleki tarapdan Prezident Erdogan hem Gyrgyz Respuklikasyna guran saparyny  tamamlap Türkiýä gaýty.

Gyrgyz ýolbaşçylar Erdogany Bişkekdäki halkara Manas howa menzilinden dabaraly ýagdaýda ugratdy.

Prezident Erdogana Gyrgyz Respublikasyna guran saparynda aýaly Emine Erdogan, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Maşgala, zähmet we sosial hyzmatlar ministri Zehra Zümrüt Selçuk, Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapogly, Söwda ministri Ruhsar Pekjan, Transport we infstruktura minisrti Jahit Turhan, Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan ýoldaşlyk etdi.



Degişli Habarlar