Putin bilen Aliýew Soçide duşuşdy

"Çakylygymy kabul edip Russiýa gelendiňiz üçin minnetdar”

1041328
Putin bilen Aliýew Soçide duşuşdy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşy.

Mesele hakynda Azerbaýjan tarapyndan berlen beýanata görä, Soçi şäherindäki Boçarow Ruçew döwlet kabulhanasynda bolan duşuşynda çykyş eden Putin, Azerbaýjan bilen Russiýanyň arasynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belledi we Aliýew bilen yzygiderli ýagdaýda duşuşýandygyny nygtady.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk hökmünde häsiýetlendiren Putin “Özara gatnaşyklarymyz syýasy hem-de ykdysady taýdan ösýär. Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda mukdary 34 göterimden gowrak artdy. Bu görkezijiden gaty hoşal. Çakylygymy kabul edip Russiýa gelendiňiz üçin minnetdar”diýdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem Putin bilen yzygiderli ýagdaýda geçirýän duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi berýändigini ýatlatdy.

Aliýew ähli taraplaýyn ösýän özara gatnaşyklardan hoşaldygyny belledi.

Ilham Aliýew “Gatnaşyklarymyz gün saýyn ösýär. Özara söwda mukdaryndaky artyş ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ýeten sepgidiginiň görkezijisidir. Şol bir wagtda hem ykdysady taýdan uly hyzmatdaşlyk mümkinçiliginiň bardygyny görkezýär. Söwda gatnaşyklarymyzyň geljek-de has ösjekdigine ynanýaryn. Elbetde şu gün Azerbaýjan bilen Ermenistanyn arasyndaky Daglyk Garabag meselesiniň çözülmegi etaby bilen birlikde sebitara we halkara meseleleri hem seljereris” diýdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar