Gurban baýramynda Türkiýeden Azerbaýjana kömek

Azerbaýjanda Türkiýäniň Diýanat gaznasy tarapyndan 229 sany iri şahly mal kesilip, etleri mätäç bolan adamlara paýlanmaga başlandy

1036219
Gurban baýramynda Türkiýeden Azerbaýjana kömek

Azerbaýjanda eýýäm ençeme ýyl bäri iş alyp barýan Türkiýäniň Diýanat gaznasy dowamly häsýetde berýän kömegini bu ýyl hem dowam etdirip, Azerbaýjandaky mätäç bolan adamlara gurban etini paýlady.

Weterinar we din adamlarynyň gözegçiligi astynda kesilen haýwanlaryň eti, böleklere bölüneninden soň, 3 kilograma bölünip mätäç bolan adamlara paýlanmak üçin taýýar ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Bakudaky ilçihanasynyň ilçiniň Din hyzmatlary boýunça orunbasary Prof. Dr. Kamil Güneş metbugat işgärlerine beren beýanatynda Gurban baýramynyň 2018-nji ýyldaky guramaçylygyny “Gurbanyňy paýlaş, doganyň bilen ýakynlaş” şygary bilen ýerine ýetirendiklerini habar berdi.

Allanyň ady bilen kesilen gurbanlaryň doganlar bilen paýlaşylmagynyň, özlerini doganlaryna has hem ýakynlaşdyrandygyny aýdan Güneş: “Azerbaýjanda 229 sany iri şahly mal kesdik. Azerbaýjanlylar bilen Türkiýedäki doganlarynyň arasynda köpri bolmaga synanyşýarys. Kesilen etler mätäç bolan adamlara gowşurylar. Türkiýedäki doganlarymyz beren sadakalarynyň mätäç bolan adamlara paýlanandygyna arkaýyn bolup bilerler” diýip belledi.



Degişli Habarlar