Gazagystandan şu ýyl 3 müň adam haja gider

Haj parzyny berjaý etjek 149 adamdan ybarat ilkinji topar Saud Arabystanynyň Jidde şäherine bardy

Gazagystandan şu ýyl 3 müň adam haja gider

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda şu ýyl 3 müň adamyň haja gitjekdigi nygtaldy.

 Gazak zyýaratçylaryndan 149 adamdan ybarat ilkinji toparyň Saud Arabystanynyň Jidde şäherine gidendigi nygtaldy.

Beýanatda haj parzyny berjaý etjek gazak zyýaratçylaryna Saud Arabystanynyň kanunlary we ýerli medeniýeti hakynda giňişleýin maglumat berlendigi ýatladyldy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar