Gazagystan we Gyrgyzystan harby razwedka boýunça hyzmatdaşlyk eder

Gazagystan we Gyrgyzystan harby razwedka ugrunda hyzmatdaşlyk etmegi öz düzüminde jemleýän şertnama gol çekdiler

1019203
Gazagystan we Gyrgyzystan harby razwedka boýunça hyzmatdaşlyk eder

Gyrgyzystanyň Baş ştabynyň Metbugat merkezinden berilen ýazmaça beýanatda Baş ştabyň başlygy Raýimberdi Duýşenbiýewiň ýurda resmi sapar guran Gazagystanyň Goranmak ministri Saken Jasuzakow bilen duşuşandygy habar berildi.

Orta Aziýa sebitindäki ýagdaýyň ele alynan duşuşykda taraplaryň umumy howpsyzlygyň üpjün edilmegi we iki döwletiň ýaragly güýçleriniň emele getirilmegi babatynda tejribeleri bilen paýlaşýandygy habar berildi.

Harby wekiliýetiň hem gatnaşan duşuşykda harby we ýörüteleşdirilen güýçlere tälim bermek, operasiýa meýilleşdirmek we hyzmatdaşlyklar bilen birlikde harby hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda iş salyşmagyň artdyrylmagy babatynda karara gelinendigi mälim edildi.

Duşuşykdan soň Gazagystan bilen Gyrgyzystanyň arasynda harby razwedka ugrunda hyzmatdaşlyk etmegi öz düzüminde jemleýän şertnama gol çekişildi.

Beýleki bir tarapdan bolsa Jasuzakow Gyrgyzystana resmi sapar guran Gazagystanyň ilkinji Goranmak ministri boldy.



Degişli Habarlar