Gazagystan we Özbegistan umumy harby türgenleşik geçirdiler

Gazagystanyň we Özbegistanyň goranmak ministrliklerine degişli ýörite harby toparlar umumy türgenleşik geçirdiler.

1013522
Gazagystan we Özbegistan umumy harby türgenleşik geçirdiler

Gazagystanyň goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda Gazagystanyň goranmak ministri Saken Žasuzakow we Özbegistanyň goranmak ministri Abdusalom Azizowyň gatnaşmagynda Erik şahasy türgenleşigiň çäginde gazak we özbek esgerleriniň, gije şertlerinde razwedka we söweş operasiýalaryny geçirendigi habar berildi. 

Gazagystanyň goranmak ministri Saken Žasuzakow harby türgenleşikden soň beren beýanatynda umumy türgenleşigiň ilkinji etabynyň üstünlikli tamamlanandygyny, 2-nji etabynyň Özbegistanyň Foriş tälim merkezinde geçiriljekdigini habar berdi. 

Özbegistanyň goranmak ministri Abdusalom Azizow bolsa öz gezeginde gepleşikleriň iki ýurdyň goşunlarynyň arasyndaky gatnaşyklara gowy täsir ýetirjekdigini belläp: "Türgenleşik ýörite harby toparlarymyzyň gije şertlerinde döwrebap tehnologiýa we harby uçarlary ulanmakdaky sazlaşygy görkezdi" diýdi. 

 



Degişli Habarlar