Bütindünýä Banky Özbegistana karz berdi

Bütindünýä Banky özgertmelera goldaw bermek maksady bilen Özbegistana 500 million dollar aýyryp goýdy

Bütindünýä Banky Özbegistana karz berdi

Bütindünýä Bankynyň Daşkentdäki wekilhanasyndan berilen beýanata görä Bütindünýä Bankynyň Ýerine ýetirjiler geňeşi ykdysady reformalara goldaw bermek maksady bilen Özbegistana 500 million dollarlyk karz bermegi tassyklady.

Bütindünýä Bankynyň başlygynyň orunbasary Kiril Mýuller mesele bilen baglanşykly beren beýanatynda Özbegistanyň häzirki wagtda taryhy öwrülişik nokadynyň möhüm etabyndadygyny belläp, karzyň möhüm sosial we ykdysady reformalara gönükdiriljekdigini habar berdi.

Bütindünýä Bankynyň Orta Aziýa sebitiniň müdüri Liliýa Burunçuk hem karzyň Özbegistanda hususy pudaga has köp maýa goýmaga goşant goşjakdygyny beýan etdi.

Bütindünýä Banky Özbegistanda oba-hojalyk, energetika, transport, saglygy goraýyş, bilim, şäherçilik, agyz suwy we beýleki pudaklarda jemi gymmady 2,8 milliard dolalr bolan 17 taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin ulanylar.



Degişli Habarlar