Aliýew: “TANAP Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýeňişidir” diýdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew TANAP-yň açylyşynyň Türkiýäniň we Azerbaýjanyň liderleriniň parasatly we güýçli syýasy ygtyýarynyň netijesinde mümkin bolandygyny belledi

991648
Aliýew: “TANAP Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýeňişidir” diýdi

Ilham Aliýew Eskişehiriň Seýit Gazi etrabynyň Aksakly etrapçasynda geçirilen Trans Anadoly Tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň (TANAP) açylyşyna gatnaşdy.

Aliýew ýurdynda Prezident R.T. Erdoganyň liderligi bilen gazanylan üstünligine örän begenendiklerini belläp: “Prezident Erdoganyň taýsyz tagallasy netijesinde Türkiýe dünýäde uly bir güýje öwrüldi. Türkiýe şular ýaly bir ýurt boldy welin indi dünýäniň gün tertibini kesgitleýär. Biz Azerbaýjan hökmünde  muňa örän begenýäris, Türkiýäniň güýji biziň güýjümizdir, biziň güýjümiz biziň jebisligimizdedir” diýdi.

Türkiýe we Azerbaýjan ýaly dünýäde biri-birine bu derejede ýakyn we biri-birini goldaýan başga bir ýurtlary tapmagyň kyndygyny aýdan Aliýew: “Türkiýe-Azerbaýjan jebisligi we doganlygy hem ýurdumyz, hem halklarymyz, hem sebitimiz, hem-de Ýewraziýa üçin möhüm bir faktordyr. Şu gün TANAP-yň durmuşa geçirilmegi Türkiýäniň we Azerbaýjanyň tagallasy netijesinde boldy. TANAP Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýeňişidir” diýip belledi.



Degişli Habarlar