Özbegistanyň Prezident Diwany Prezident Erdoganyň sapary barada ýörite klip taýarlady

Klip Prezident Erdoganyň Özbegistanyň Parlamentinde okan özbek şahyry Erkin Wahidowyň “Özbegim” atly şygyry bilen başlaýar

963260
Özbegistanyň Prezident Diwany Prezident Erdoganyň sapary barada ýörite klip taýarlady

Özbegistanyň Prezident Diwany Prezident Erdoganyň Özbegistana guran sapary barada ýörite klip taýarlady.

Özbegistanyň Prezident diwanynyň metbugat gullugy tarapyndan taýarlanan klip Prezident Erdoganyň Özbegistanyň Parlamentinde okan özbek şahyry Erkin Wahidowyň “Özbegim” atly şygyry bilen başlaýar.

Prezident Erdoganyň uçarynyň Daşkendiň howa menziline gonan pursadyndan türk resmi wekiliýetiniň garşylanmagyna çenli saparyň çägindäki duşuşyklar baradaky 3 minutlyk klipde Prezident Erdoganyň “Özbek doganlarymyza ýalkymly salam” diýen sözlerine ýer berilýär.

Klipde Daşkentdäki resmi garşylama dabarasy bilen birlikde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň “Ata ýurduňyz Özbegistanyň gapylarynyň siziň ýaly ýakyn doganlarymyz üçin hemişe açykdygyny ýene-de bir gezek nygtamak isleýäris. Birek-birege bolan ynamyň has-da artmagyny umyt edýäris” diýen sözlerine ýer berilýär.

Klipde Prezident Erdoganyň parlamentde aýdan we özbek parlamentarlar tarapyndan ör turlup alkyşlanan “Doganlyk iň gymmatly hazynadyr. 1996-njy ýylda baglaşylan ebedi dostluk we hyzmatdaşlyk şertnamasy öz güýjüni gorap saklaýar. Gadyrly doganym Mirziýoýew bilen ýurtlaryň ýagty geljegi üçin, arkalaşykly ýagdaýda işleýäris” diýen sözleri hem ünsleri özüne çekýär.

Klip Prezident Mirziýoýewiň Özbegistan-Türkiýe işewür adamlary maslahatynda aýdan we zaldaky türk işewür adamlary tarapyndan ör turlup alkyşlanan “Türkiýe biziň strategik hyzmatdaşymyzdyr. Biz hyzmatdaşlygymyzy has-da pugtalandyrmak isleýäris. Bu ýer beýik türk halklarynyň watany. Ynamsyzlyk we sowuklyk döwrü yzda galdy. Biz ikimiz  şol buzlary eretdik we indi asla dartgynly günleri başdan geçirmeris” diýen sözleri bilen tamamlanýar.

 



Degişli Habarlar