Nowruz Memmedow Azerbaýjanyň täze premýer ministri boldy

Memmedow Mejlisde geçirlen sese goýulşykda 113 ses bilen Azerbaýjanyň täze premýer ministri hökmünde saýlandy

956255
Nowruz Memmedow Azerbaýjanyň täze premýer ministri boldy

Wise-prezident Prof. Doktor Nowruz Memmedow Azerbaýjanyň täze premýer ministri boldy.

Mejlisiň başlygy Oktaý Asadow, Prezident Ilham Aliýewiň premýer ministrlige Halkara gatnaşyklardan jogapkär Wise-prezident Memmedowy teklip edendigini aýtdy.

Memmedow Mejlisde geçirlen sese goýulşykda 113 ses bilen Azerbaýjanyň täze premýer ministri hökmünde saýlandy.

Premýer ministr Memmedow sese goýylşykdan soň eden çykyşynda Prezident Aliýew bilen işleşmegiň buýsandyryjydygyny belledi we özüne uly ynam bildirlendigi üçin sag bolsun aýtdy.

Beýleki tarapdan Prezident Aliýew 22 ýyl Azerbaýjanyň Premýer ministri wezipesini ýerine ýetiren Artur Rasizadany kabul etdi we şu günki güne çenli eden hyzmatlary üçin sag bolsun aýtdy.

Azerbaýjanyň konstitutsiýasyna laýyklykda prezident saýlawlaryndan soň hökümet iş başyndan çekilýär.

Prezident Ilham Aliýew 11-nji aprelde geçirlen saýlawlarda sesleriň 86.02 göterimini alypdy.

 



Degişli Habarlar