Prezidenti Erdogan Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen gutlady

Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

935809
Prezidenti Erdogan Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen gutlady

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Prezident, gadyrly doganym,

Türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de dostlukly, doganlyk türkmen halkyny müňýyllyklardan gözbaş alýan umumy baýramymyz bolan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýramçylyk biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň nurana geljegini alamatlandyrýar.

Häzirki döwürde umumadamzat gymmatlygyna öwrülen Nowruz baýramy dünýäniň ähli künjeklerinde dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Bu baýramçylyk tutuş dünýä parahatçylyk baradaky çagyryşy ýollap, söýgi we doganlyk duýgularyny peşgeş berýär.

Nowruz baýramynyň gelmegi bilen, diňe bir biziň ýurtlarymyzda hem-de sebitimizde däl, eýsem, tutuş dünýäde asudalygyň, bagtyýar durmuşyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň bolmagyny arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt we üstünlikler, dostlukly hem-de doganlyk türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti. (TDH)



Degişli Habarlar