15-nji iýul şehitleriniň hormatyna Gyrgyz Respublikasynda täze iki metjit guruldy

15-nji iýul şehitleriniň hormatyna gurdurlan metjitleriň her birinde şol bir wagtda 250 musulman ybadat eder

914418
15-nji iýul şehitleriniň hormatyna Gyrgyz Respublikasynda täze iki metjit guruldy

 

Adam hukuklary we azatlyklary atly ynsanperwer kömek gaznasy tarapyndan Gyrgyz Respublikasynda 15-nji iýul şehitleriniň hormatyna gurdurlan iki metjit ybadata açyldy.

Gazna tarapyndan berlen beýanata görä, mejitlerden biri paýtagt Bişkekde, beýlekisi bolsa ýurduň syýasatçylyk merkezi bolan Yssyk Köl şäherinde guruldy.

15-nji iýul şehitleriniň hormatyna gurdurlan metjitleriň her birinde şol bir wagtda 250 musulman ybadat edip eder

Metjitlerden jemi 8 müň adam peýdalanyp biler.

Mejitleriň açylyş dabarasynda söz sözlän Adam hukuklary we azatlyklary atly ynsanperwer kömek gaznasynyň Orta Aziýa we Kawkaz boýunça utgaşdyryjysynyň orunbasary Hamza Nedimogly, gyrgyz halkynyň metjitleriň ybadata açylmagyna beren goldawlary üçin türk halkyna minnetdarlyk bildirýändigini nygtady.

Nedimogly üstümizdäki ýylyň dowamynda Gyrgyzystanda ýene-de 3 metjidiň gurluşygyna başlanmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi.



Degişli Habarlar