Aragatnaşyk ministri Arslan Azerbaýjanyň Prezdenti Aliýew tarapyndan kabul edildi

Aliýew iki ýursuň aragatnaşyk we transport pudagynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini belledi

861847
Aragatnaşyk  ministri Arslan Azerbaýjanyň Prezdenti  Aliýew tarapyndan kabul edildi

Resmi sapar bilen Azerbaýjana giden Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri Ahmet Arslan Azerbaýjanyň Prezdenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Aliýew kabul edilşikde Bakuda geçirlen Halkara Telekomunikasiýa we Maglumatlar tehnalogiýa sergisine türk firmalarynyň köpçülikleýin ýagdaýda gatnaşmagyndan hoşaldygyny aýtdy.

Aliýew iki ýursuň aragatnaşyk we transport pudagynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri Ahmet Arslan heli Aliýew bilen Erdoganyň ýolbaşçylygynda Azerbaýjan bilen Türkiýäniň sebitde uly işleri durmuşa geçirmäge dowam etjekdigini aýtdy.

Ministr Arslan  20-den gowrak ýurtdan 190-dan gowrak firmanyň gatnaşmagynda üstünlikli ýagdaýda geçirlen BAKUTEL 2017 sergisi üçin Aliýewi gutlady.

 

 

 



Degişli Habarlar