Medallaryň sany boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öňdeligi ynamly saklaýar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda tamamlanmagyna bir gün galanda Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda sportuň 9 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi

814941
Medallaryň sany boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öňdeligi ynamly saklaýar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda tamamlanmagyna bir gün galanda Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda sportuň 9 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Watandaş türgenlerimiz sambo, kikboksing, grek-rim göreşi, küşt boýunça ýaryşlarda medallaryň 15-sine, şol sanda altyn medallaryň 4-sine mynasyp boldular. 

Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy medallar sany boýunça ozalkysy ýaly birinji orny eýeläp, ýaryş sanawynda ýakyn bäsdeşlerinden artykmaçlygyny artdyrýar. Häzirki wagtda biziň toparymyzyň umumy gazanan medallarynyň sany 244-e ýetip, olaryň 89-sy altyn, 70-si kümüş we 85-si bürünç medallardyr. 

Biziň toparymyzyň yzysüre HHR-niň ýygyndy topary gelip, olar medallaryň 93-sini, şol sanda 40 altyn, 30 kümüş we 23 sany bürünç medallaryny gazandylar. Üçünji ýerde Eýrandan gelen türgenler bolup, olar medallaryň 116-syna, şol sanda 35 altyn, 22 kümüş we 59 sany bürünç medallaryna mynasyp boldular. 

Sambo göreşi boýunça ýaryşlarda türkmenistanlylar Ýeňiş Merdanow (52 kg) we Rusana Nurjanowa (56 kg) ýeňijiler boldular, kümüş medallaryna Begli Meretgeldiýew (62 kg), Nowruz Ataýew (52 kg) hem-de Serdar Hojamuhammedow (90 kg), bürünç medallaryna Nurberdihan Orazmämmedow (82 kg), Abdylla Babaýew (68 kg) we Mähri Akmyradowa (56 kg) mynasyp boldular. 

Kikboksing boýunça final duşuşyklary geçirildi. Şunda altyn medallary türkmen ýygyndy toparyna “lou-kik” görnüşinde 71 kilograma çenli agram derejesinde Goçmyrat Jumanyýazow, “laýt-kik” görnüşinde H.Geldimämmedow (74 kg), kümüş medalyny bolsa “full-kontakt” görnüşinde Mekan Amanow (67 kg) getirdiler. 

Grek-rim göreşi boýunça ýaryşlarda hormat münberiniň ikinji basgançagyna watandaşymyz Ali Seýhow (71 kg) çykdy. Üçünji orny S.Öwelekow (85 kg) eýeledi. 

Küştde—Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary bürünç medallaryň ikisini gazandylar. Aýlawly ýaryşlarda biziň toparymyz örän ynamly oýnady. Şunda Wýetnamyň ýygyndysy bilen ýarym final duşuşygy aýgytlaýjy bolup, onda Saparmyrat Atabaýew oýnuny deňme-deň, Meýlis Annaberdiýew bolsa bir oýnuny deňme-deň, beýlekisini bolsa ýeňliş bilen tamamlady. 23 ýaşa çenli toparlaýyn ýaryşda Filippinleriň ýygyndysy bilen geçiren duşuşyklarynda Maksat Atabaýew oýnuny deňme-deň tamamlady, Ýusup Atabaýew bolsa ýeňlişe sezewar boldy. 

Bilýard boýunça ýaryşlar dowam etdi. Şu gün erkekleriň arasynda geçirilen oýnuň “snukere” we “rus piramidasy” görnüşlerinde degişlilikde HHR-den gelen Sintong Zhao hem-de Gyrgyzystandan Yzatbek Ratbekow ýeňijiler boldular. Zenanlaryň arasynda “pul-10” görnüşinde birinji orny HHR-den gelen Siming Çen eýeledi. 

Bouling boýunça toparlaýyn ýaryşlarda finalçylar kesgitlendi. Olar ertir altyn medallar ugrunda bäsleşigi dowam ederler: erkekler toparynda Kataryň we hytaý Taýpeýiniň, zenanlar toparynda Koreýa Respublikasynyň we Filippinleriň ýygyndylary duşuşarlar. 

Sport tanslary boýunça ýaryşlar tamamlandy. Olaryň “samba” ýaly görnüşinde birinji orny Gyrgyzystandan gelen jübütler Alekseý Kibkalo we Tatýana Kogadeý, pasodobl görnüşinde HHR-den gelen jübütler Žu Jing we Bangbang Ýan eýelediler. Ýaryşyň birbada üç görnüşinde Koreýa Respublikasyndan gelen tansçylar, “ça-ça-ça” we “rumba” görnüşlerinde jübütler Jisuu Park we Munseong Kang, jaýwe görnüşinde Ýong Nam Gi we Nara Şin altyn medallara mynasyp boldular. 

Tennis boýunça final oýunlary dowam etdi. Zenanlaryň arasynda ýekelikde oýnamakda Beatris Gumulýa Aldila Sutjiadini ýeňdi—iki türgen hem Indoneziýadan. Erkekleriň arasynda jübütleýin oýunlarda altyn medala Hindistandan gelen tennisçiler mynasyp boldular, olar Gazagystandan bolan bäsdeşlerini ýeňdiler. Zenanlaryň arasynda jübütleýin oýunlarda bolsa altyn medal Tailanddan gelen türgenlere miýesser etdi, olar öz hindistanly kärdeşlerini ýeňdiler. 

Futzal boýunça erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşlar final oýny bilen tamamlandy. Eýran Yslam Respublikasynyň topary kümüş medalyna eýe çykan Özbegistanyň ýygyndysyny 7:1 hasabynda ýeňdi. Bürünç medal ugrunda geçirilen dartgynly duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda tamamlanyp, oýundan soňky jerime urgularynda ýapon futzalçylary Owganystandan gelen bäsdeşlerini ýeňip, üstün çykdylar. 

Şu gün ýaryşlaryň jemleýji güni bolup, "Aşgabat 2017" oýunlarynyň soňky medallary küşt, bouling we tennis boýunça ýaryşlarda öz eýelerini tapar. (TDH)



Degişli Habarlar