Gazagystan Siriýa esger iberip biler

Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew BMG-nyň karar kabul eden halatynda Siriýa esger iberip biljekdiklerini belledi

807292
Gazagystan Siriýa esger iberip biler

Gazagystanyň Prezidenti Nazarbaýew paýtagt Astanadaky Akorda köşgünde geçiren metbugat ýygangynda Siriýa bilen baglanşykly berilen soraga Siriýa temaly Astana gepleşikleriniň 6-njysynyň şu gün başlandygyny nygtady.

Astanadaky gepleşikleriniň netijesinde çaknyşyksyz zolaklaryň döredilendigini aýdan Nazarbaýew şu günki maslahatda hem beýleki çaknyşyksyz zolaklaryň ara alyp maslahatlaşyljakdygyny habar berdi.

Gazagystanyň lideri Siriýadaky krizis sebäpli köp sanda adamyň ýogalandygyny ýa-da bosgun ýagdaýyna düşendigini mälim etdi.

Prezident Nazarbaýew sözlerini şeýle dowam etdirdi: "BMG käbir güýçleri ibermek barada karar kabul etse biz hem BMG-nyň agzasy hökmünde ol ýere esger iberip bileris" diýdi.

 



Degişli Habarlar