Astana gepleşikleriniň nobatdakysy başlady

Esasy maslahatyň metbugata häsýetde geçýän tehniki gepleşiklerden soň ertir günortan başlamagyna garaşylýar

806828
Astana gepleşikleriniň nobatdakysy başlady

Gazagystanyň paýtagty Astanada 6-njy gezek geçirilýän Siriýa temaly maslahat Türkiýäniň, Russiýanyň, Eýranyň, ABŞ-nyň, BMG-nyň, Iordaniýanyň, Asada bagly güýçleriň we oppozisioner toparlaryň wekilleriniň arasyndaky tehniki ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn gepleşikler bilen başlady.

Maslahatyň ilkinji gününde Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň wekilleri ikitaraplaýyn gepleşikler geçirýär.

Maslahata gatnaşýan taraplardan alynan maglumata görä gün tertibiniň ileri tutulýan meselesi Idlib welaýatyndaky çaknyşyksyz zolaklaryň serhetleriň kesgitlenmegi we serhediň içinde parahatçylygyň ýola goýulmagy bolup durýar.

Mundan başgada Asada tabynlykdaky güýçleriň ellerindäki tussaglylaryň we zamun alynanlaryň ikitaraplaýyn ýagdaýda azat edilmegi, ýogalan adamlaryň jynazalarynyň kabul edilip alynmagy we ýiten adamlaryň gözlegleri hem gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerinden käbirleri bolar.

Türkiýäniň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasarynyň kömekçisi Sedat Önal ýolbaşçylyk edýär.

Russiýanyň wekiliýetiniň başynda ýurdyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksandr Lawrentiýew, Eýran wekiliýetiniň başynda bolsa Daşary işler ministriniň orunbasary Hüseýin Jabiri Ensari bar.

ABŞ maslahata ýurdyň Döwlet sekretarlygynyň Ýakyn Gündogar gatnaşyklaryndan jogapkär orunbasary Dewid M. Satterfildiň ýolbaşçylygyndaky topar bilen synçy bolup gatnaşýar.

Iordaniýanyň Daşary işler ministriniň maslahatçysy Nawaf Wasfi Tel hem synçy hökmünde gatnaşýar.

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan De Mistura hem wekiller bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirmek üçin Astana bardy.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginden alynan maglumata görä Katar hem ilkinji gezek bir synçysy bilen maslahata gatnaşýar.

Esasy maslahatyň metbugata häsýetde geçýän tehniki gepleşiklerden soň ertir günortan başlamagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar