Erdogan Täjigistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R.T.Erdogan Täjigistanyň döwlet Baştutany İmomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

803218
Erdogan Täjigistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Täjigistanyň arasyndaky özara gatnaşyklar we Mýanmada başdan geçirilýän pajygalar barada durlup geçildi.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arakanlylaryň sezewar bolan pajygasyna oňyn çözgüt tapmak üçin bileleşikde tagalla etmeginiň ähmiýetine üns çekilen söhbetdeşlikde, BMG-daky tagallalaryň hem dowam etdirilmelidigi nygtaldy.

Söhbetdeşlikde liderleriň pursatdan peýdalanyp birek-biregiň geçen gurban baýramyny gutlandygy habar berildi.



Degişli Habarlar