Gyrgyz Respublikasynyň Premýer ministri Jeenbekow Gazagystanda saparda boldy

Iki ýurduň arasyndaky sööwda mukdary 2017-nji ýylyn 5 aýlyk döwründe 272,3 million dollara barabar boldy

789266
Gyrgyz Respublikasynyň Premýer ministri Jeenbekow Gazagystanda saparda boldy

 

Anadoly habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ýewraziýa Ykdysadyýet bileleşiginiň maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystana giden Gyrgyz Respublikasynyň Premýer ministri  Sooronbaý Jeenbekow saparynyň çäginde paýtagt Astanada gazak kärdeşi Premýer ministri Bahytjan Sagintaýew bilen duşuşdy.

Duşuşyk hakynda berlen beýanatda iki kardeşiň iki ýurduň arasyndaki gatnaşyklar, demir ýol we raýatlaryň zahmet rugsatnamasy bilen bagly işleriň ýeňilleşdirilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşandygy nygtaldy.

Beýanatda iki kärdeşiň döwlet serhetleriniň kesgitlenilmegi hakyndaky şertnama gol goýmaga taýardyklary bellenildi.

Beýanatda mundan başgada iki ýurduň arasyndaky sööwda mukdarynyň 2017-nji ýylyn 5 aýlyk döwründe 272,3 million dollara barabar bolandygy nygtaldy.

 



Degişli Habarlar