Eide Ada soňky resmi saparyny gurady

Eide ilki Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis soň bolsa DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy bilen duşuşdy

783279
Eide Ada soňky resmi saparyny gurady

 

Şweýsariýanyň Krans Montana şäherinde geçirlen Kipr gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili Espen Bart Eide Ada soňky resmi saparyny gurady.

Eide ilki Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis soň bolsa DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy bilen duşuşdy.

Soňky resmi sapary hakynda metbugata beýanat beren Eide BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili wezipesinden çekilýändigini emma Kipr meselesiniň çözülmegi baradaky tagallalara goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.

Eide “Kiprde iň dogry çözgüt federal çözgüt bolar” diýdi.

Norwegiýaly diplomat hormatyna berlen hoşlaşyk naharyna gatnaşdy.

 

 



Degişli Habarlar