"Kipr konferensiýasynyň ýaňadandan geçirilmegine karar berildi"

Eide BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guttereş bilen Kiprli liderleriň arasynda hepdäniň ahyrynda Nýu Ýorkda geçirlen duşuşygyň “içgin we oňyn” atmosferada geçirlendigini aýtdy

"Kipr konferensiýasynyň ýaňadandan geçirilmegine karar berildi"

BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili Espen Bart Eide Kipr konferensiýasynyň üstümizdäki aýyň ikinji ýarymynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljekdigini aýtdy.

Espen Bart Eide BMG-da köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren beýanatynda Kipr konferensiýasynyň ýaňadandan geçirilmegine karar berlendigini aýtdy.

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guttereş bilen Kiprli liderleriň arasynda hepdäniň ahyrynda Nýu Ýorkda geçirlen duşuşygyň “içgin we oňyn” atmosferada geçirlendigini aýdan Eide Ženewa konferensiýasynyň iýun aýynyň ikinji ýarymynda geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar