Türkmenistanyň Konstitutsiýasyna we Magtymguly Pyraga bagyşlanyp Ankarada çäre geçirildi

Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň Şygryýet güni mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde dabaraly çäre geçirildi

734894
Türkmenistanyň Konstitutsiýasyna we Magtymguly Pyraga bagyşlanyp  Ankarada çäre geçirildi

 

Eziz ildeşler! Şu gün ýagny, 2017-nji ýylyň maý aýynyň 18-de Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň Şygryýet güni mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde dabaraly çäre geçirildi.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan çärä Ilçihananyň işgärleri, Türkiýäniň Mejlisiniň halk deputaty Mehmet Günal, Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halkyýetler edarasynyň başlygynyň orunbasary Sait Ýusuf, Türkmenistan-Türkiýe Dostluk Jemgyýetiniň ýolbaşçylary we işgärleri, alymlar, türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjlar ilki bilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desseleri goýdular.

Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýerleşýän Ankara şäheriniň Dikmen Wadisi diýilýän ýerindäki Türkmenistan seýilgähinde geçirilen çäräni açan Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işangyly Amanlyýew, Konstitutsiýa gününiň eýe bolan ahmiýeti we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň Türkmenistanyň milli baýramlaryndan biridigini nygtap, Konstitutsiýanyň döwletleriň iň esasy daýanjydygyny, Magtymguly Pyragynyň hem ömrüniň garaşsyz türkmen döwletini arzuw etmek bilen geçirendigini, şeýlelikde bu iki hadysanyň biri-birini tamamlaýandygyny aýtdy. Ilçi I. Amanlyýew sözleriniň soňunda çärä gatnaşanlara öz minnetdarlygyny bildirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Mejlisiniň deputaty Mehmet Günal bolsa, “şeýle taryhy günde türkmen doganlarymyz bilen bilelikde bolmak bizi buýsandyrýar” diýip, iki ýurduň Türkiýäniň we Türkmenistanyň konstitutsiýalarynyň baky bolmagyny arzuw edip, Magtymguly atamyzyň we beýleki taryhy şahslaryň mirasyny gorap saklamagyň milletleri hasam beýgeltjekdigini aýtdy.

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halkyýetler edarasynyň başlygynyň orunbasary Sait Ýusuf hem sözlerine türkmen halkynyň baýramyny gutlamak bilen başlap; “Biz türkmen doganlarymyzyň garaşsyz döwletine almydama goldaw berdik mundan beýläk hem goldaw bereris. Biz elmydama bir millet-iki döwlet ýörelgesine laýyk hereket etmeli. Ine şeýle bolan halatynda biziň döwletlerimiz gudratly bolar, halklarymyz eşretli ýaşar” diýdi.

Ankara şäheriniň dürli ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen ýaşlary bolsa Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okadylar.



Degişli Habarlar