Owganystanyň meseleleri Azerbaýjanda ara alynyp maslahatlaşyldy

Owganystanyň başyndan geçirýän meseleler sebitdäki beýleki ýurtlaryň asudalygy üçin örän wajyp bolup durýar

693678
Owganystanyň meseleleri Azerbaýjanda ara alynyp maslahatlaşyldy

Owganystanyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi, parahatçylygyň we ykdysadyýetiň galkynyşy üçin Ýokary derejeli Aziýanyň kalby-Stambul etaby döwlet işgärleri maslahaty Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçirildi.

Owganystanyň başyndan geçirýän meseleler sebitdäki beýleki ýurtlaryň asudalygy üçin örän wajyp bolup durýar.

2011-nji ýylda Türkiýäniň we Owgansytanyň tagallalary netijesinde başladylan Aziýanyň kalby-Stambul etabynda Owganystan bilen baglanşykly ýygnaklar geçirilýär.

2017-nji ýylda Stambul etabynyň döwürleýin başlygy Azerbaýjan bolup durýar.

Stambul etabyna 14 agza ýurt bar bolup, olara 17 ýurt we 12 halkara guramasy goldaw berýär.



Degişli Habarlar