Sinjan Uýgur Awtanomiýasy infstruktura taslamalaryna 218 milliard dollar sarp eder

Geçen ýyl hem transport we energetika pudagyna 145 milliard dollar sarp edilipdi

655836
Sinjan Uýgur Awtanomiýasy infstruktura taslamalaryna 218 milliard dollar sarp eder

Hytaýyň Sinjan Uýgur Awtanomiýasy şu ýyl infstruktura taslamalaryna 1,5 trilion ýuan ýagny 218 milliard dollar sarp eder.

Sinjan Uýgur Awtanomiýasy 2017-nji ýylda  infstruktura pudagyna geçen ýyl bilen deňeşdirilende 50 göterim has köp maýa goýmagy meýilleşdirýär.

218 milliar dollaryň 29,1 milliardy gara ýollary, 5 milliardy demir ýollary, 3 milliardy bolsa paýtagty Urumçiniň howa menziliniň abatlanmagy üçin sarp ediler.

Ýerli hökümet geçen ýyl hem transport we energetika pudagyna 145 milliard dollar sarp edipdi.

 



Degişli Habarlar