“Ganly ýanwar” wakalary 27-nji ýylynda hatyralanýar

Azerbaýjanda 1990-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda başdan geçirilen “Ganly ýanwar” wakalaryna 27 ýyl doldy

655672
“Ganly ýanwar” wakalary 27-nji ýylynda hatyralanýar

Azerbaýjanyň garaşsyzlygy we territorial bitewiligi ugrundaky göreş taryhynda gahrymanlyk sahypasy hökmünde orun eýelän 1990-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Azerbaýjandan ýer talap eden Ermenistanyň basyp alyjy synanşyklary we ozalky Sowet hökümetinin oňa göz ýummagy sebäpli gazaba münen Azerbaýjan halky Bakuwyň köçelerine çykyp, öz nägileliklerini bildirdipdi.

Asuda ilata garşy Sowet goşunynyň harby güýç bilen garşy durmagy uly pajyganyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Şol günlerde öz ýurduny, halkynyň azatlygyny we abraýyny ähli zatdan ýokarda gören azerbaýjanlylar janlaryny gurban edip, şehit boldular.

1990-njy ýylyň ýanwar aýynyň 19-20 ýanwary gijeri adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan edilmezden Sowet goşuny Azerbaýjana harby operasiýa başlatdy. Pajygada 137 adam öldürildi, 744 adam agyr ýaralandy, 841 adamy bolsa tussag edildi.

Wakalaryň netijesinde Azerbaýjan uzak ýyllar arzuw edilen garaşsyzlygyna eýe boldy. Şol pajygaly wakadan ýyllar geçse hem şol gije unudulmady. 20-nji ýanwar pajygasy her ýyl “Gussa güni” hökmünde hatyralanýar.



Degişli Habarlar