Gazagystan howpsyzlyk çäreleriniň artdyrylmagyna, çaknyşyklaryň öňüniň alynmagyna uly ähmiýet berer

Gazagystan geçen ýylyň iýun aýynda 138 ses bilen 2017-2018-nji ýyllarda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzalygyna saýlanypdy

644223
Gazagystan howpsyzlyk çäreleriniň artdyrylmagyna, çaknyşyklaryň öňüniň alynmagyna uly ähmiýet berer

Gazagystan BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzalygy döwründe howpsyzlyk çäreleriniň artdyrylmagyna, çaknyşyklaryň öňüniň alynmagyna we meseleleriň çözülmegine hem-de terrora garşy halkara göreşe uly ähmiýet berjekdigini mälim etdi.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanata görä, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap  2017-2018-nji ýyllarda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzalygyny ýerine ýetirmäge başlan gazak resmi wekiliýeti BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde geçirlen ilkinji oturlyşyga gatnaşdy.

Resmi wekiliýetiň ýolbaşçysy Barlybaý Sadykow oturlyşykda sözlän sözünde Gazagystanyň wagtlaýyn agzalygy döwründe ilkinji nobatda öňüni alyjy diplomatiýa, howpsyzlyk çäreleriniň artdyrylmagyna çaknyşyklaryň öňüniň alynmagyna, meseleleriň çözülmegine hem-de terrora garşy halkara göreşe uly ähmiýet berjekdigini aýtdy.

Sadykow mundan başgada BMG-nyň döredilen gününiň 100 ýyllygynyň bellenilip geçiljek ýyly bolan 2045-nji ýyla çenli ýadro ýaragyndan saplanan we söweşsiz dünýä üçin tagalla etjekdiklerini aýratyn belledi.

Gazagystanyň Daşary işler ministri Kaýrat Abdyrahmanowyň geljek hepde BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde geçiriljek “Çaknyşyklaryň öňüniň alynmagy we parahatçylygyň goralyp saklanmagy” temaly oturlyşyga gatnaşmagyna garaşylýar.

Gazagystan geçen ýylyň iýun aýynda 138 ses bilen 2017-2018-nji ýyllarda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzalygyna saýlanypdy.

 



Degişli Habarlar