Ýewraziýa yslam şurasy Stambulda geçirler

Şura 14-nji oktýabrda anna güni jemleýji jarnamanyň okalmagyndan soň öz işini tamamlar

585378
Ýewraziýa yslam şurasy Stambulda geçirler

9-njy Ýewraziýa yslam şurasy oktýabr aýynyň 11-14-i aralygynda Stambulda geçirler.

Ýewraziýada yslam, diniň kemsidilmegine garşy birlikde hereket edilmegi, arkalaşyk we geljek temasy bilen Din işleri edarasy tarapyndan Stambulda Dolmabahçe köşgünde geçiriljek şurada terror guramasy DAİŞ meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýewraziýa yslam şurasyna Azerbaýjanyň, Belarusyň, Bosniýa-Gersogowinanyň, Estonyýanyň, Gürjistanyň, Horwatiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Krymyň, Kosowanyň, Litwanyň, Makedoniýanyň, Garadagyň, Mangoliýanyň, Maldowanyň, Ruminiýanyň, Russiýanyň, Sloweniýanyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň, Gresiýanyň, Gollandiýanyň, Şwesiýanyň, Britaniýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Belgiýanyň, Fransiýanyň, Şweýsariýanyň, Müsüriň we Hindistanyň wekilleri gatnaşar.

Şura 14-nji oktýabrda anna güni jemleýji jarnamanyň okalmagyndan soň öz işini tamamlar.

 


Etiketkalar: #şura , #yslam dini , #maslahat

Degişli Habarlar