Olimpiýa şäherjigi tennisçileri garşylaýar

Düýn paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň üsti ýapyk tennis meýdançasynda tennis boýunça halkara synag ýaryşy badalga aldy

571310
Olimpiýa şäherjigi tennisçileri garşylaýar

Bu ýaryş Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda türkmen hünärmenleriniň guramaçylyk ukyplaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, sport binýadynyň ygtybarlylygyny synagdan geçirer.

Ýaryşa Russiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Ukrainadan, Gazagystandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan 18 ýaşa çenli bolan türgenleriň 100-e golaýy gatnaşar. Tennisçiler ýetginjekleriň we gyzlaryň toparynda ýekeleýin hem-de jübütleýin görnüşde medallar ugrunda göreşerler.

Deslapky duşuşyklar 18-nji sentýabra çenli dowam eder, şondan soňra oýunçylar bäsleşigiň final tapgyryna çykarylar. Şonda oýunlar olimpiýa ulgamy boýunça geçiriler. Ýaryşy guraýjylar bäsleşigiň açylyş dabarasynyň barşynda ýaýbaňlandyryljak köp öwüşginli we gyzykly şüweleň maksatnamasyny taýýarladylar.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Serdar Bäşimowyň gürrüň berşi ýaly, biziň türgenlerimiz eýýäm tennis meýdançasynyň täze düşeginde türgenleşikleriň birnäçesini geçirdiler. Halkara standartlarynyň ählisine laýyk gelýän şeýle döwrebap sport desgalary Aziýanyň köp ýurtlarynda ýokdur. (TDH)

Tennis boýunça ýaryşlar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda işlejek türkmen meýletinçileri üçin oňat tejribe bolup hyzmat eder. Şol oýunlaryň başlanmagyna bolsa 366 gün galdy.



Degişli Habarlar