Azerbaýjanda oppozision partiýalaryň demonstrasiýasy geçirildi

“Milli geňeş” atly oppozision koalisiýanyň paýtagt Bakuwda geçiren demonstrasiýasyna Azerbaýjanyň Halk fronty partiýasynyň başlygy Ali Kerimli, Milli geňeşiň agzalary, partiýanyň agzalary we raýatlar gatnaşdylar

569686
Azerbaýjanda oppozision partiýalaryň demonstrasiýasy geçirildi

Demonstrasiýada konstitutsiýa üýtgetme girizmek üçin geçiriljek referendumyň bes edilmegi barada çagyryş berildi.

26-njy sentýabrda geçiriljek referendumda konstitutsiýanyň 29 maddasyna üýtgetme girizilmek üçin ses beriler.

Konstitutsiýa giriziljek üýtgetme bilen prezidentiň iş möhletiniň 5 ýyldan 7 ýyla uzaldylmagy, prezidentlige saýlanma ýaşyndaky “azyndan 35” çäklendirmesiniň aýrylmagy, prezidente möhletinden irki prezident saýlawyny geçirme ygtyýarynyň berilmegi göz öňünde tutulýar.



Degişli Habarlar