Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Ulag, deňizçilik we aragatnaşyk ministrini kabul etdi

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ulag, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslany kabul etdi

564161
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Ulag, deňizçilik we aragatnaşyk ministrini kabul etdi

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň

Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny getirdi. Jenap Arslan Ahmediň belleýşi ýaly, Türkiýede Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly, doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty dünýä bileleşiginiň ykrar etmegine we goldawyna eýe boldy.

 

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de  Türkmenistanyň hem Türkiýe bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryny berkitmäge uly üns berýändigini belledi. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy we täze mazmun bilen baýlaşdy. Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, iki ýurduň halklaryny birleşdirýän mizemez dostlukly we köp asyrlyk taryhy--medeni gatnaşyklaryň häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.

 

Üstaşyr-ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň geljeginiň uludygy iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistan  ulaglaryň ähli görnüşleriniň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri geçirmek bilen bir hatarda, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň başyny başlaýar. Şol taslamalar daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde üstünlikli amala aşyrylýar.

 

Döwlet Baştutanymyz halkara ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmek meselesiniň strategiki häsiýetine ünsi çekip, bu ugurda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň sebitara we dünýä möçberinde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlary boýunça döwrebap ulag geçelgelerini döretmek işinde öňdäki orunlary eýelemek üçin ýurtlarymyzda ähli esaslar bar. Türk kompaniýalaryna Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz menzilini hem-de Aşgabadyň Halkara howa menzilini, halkara ölçeglerine laýyk gelýän awtobanlary, ulag ýollaryny we estakadalary gurmagyň iri taslamalarynyň ynanylmagy munuň  subutnamasydyr.

 

Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetini şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçiriljek durnukly ulag boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

 

Jenap Ahmet Arslan Türkiýäniň işewür toparlarynyň geljekde hem Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri we düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga uly gyzyklandyrma bildirýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

 

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň  ulag, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasda guralýan döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 

Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuju hem gatnaşdy. (TDH)



Degişli Habarlar