Bütin dünýä çarwa oýunlary Gyrgyz Respublikasynda geçirler

Oýunlara 53 ýurtdan müňe golaý türgen gatnaşar

559979
Bütin dünýä çarwa oýunlary Gyrgyz Respublikasynda geçirler

Bütin dünýä çarwa oýunlarynyň ikinjisi sentýabr aýynyň 3-8-i aralygynda Gyrgyz Respublikasynda geçirler.

Yssyk-kölde geçiriljek oýunlara 53 ýurtdan müňe golaý türgen gatnaşar.

Çarwa oýunlarynda türgenler 23 ugur boýunça bäsleşer.

Bütin dünýä çarwa oýunlaryna Türkiýe, Azerbaýjan, Argentin, Ermenistan, Bangladeş, Belarus, Braziliýa, Wengriýa, Germaniýa, Gürjistan, Ysraýyl, Hindistan, Indoneziýa, Eýran, Gazagystan, Kanada, Hytaý, Latwiýa, Maldowa, Gollandiýa, Pakistan, Polşa, Russiýa Federassiýasy, Serbiýa, ABŞ, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan, Günorta Koreýa we Günorta Afrika bilen Ýaponiýa ýaly 53 ýurt gatnaşar.



Degişli Habarlar