DKTR-nyň Prezidenti Akynjy Türkiýä geldi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy resmi sapar bilen Türkiýä geldi

553445
DKTR-nyň Prezidenti Akynjy Türkiýä geldi

Prezident Akynjy Ankara gaýtmazyndan ozal Erjan adyndaky howa menzilinde beren beýanatynda Prezident R.T.Erdogan bilen duşuşmak üçin isleg bildirendigini aýtdy.

Depgini ýokarlandyrylan gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň başlajakdygyny ýatladan Prezident Akynjy häzirki wagtda kepillikler ýaly möhüm meselelere garalýandygyny nygtady.

Akyn: “Şeýle möhüm meselelere garalýan tapgyrga Erdogan bilen pikir alyşmak hökmanydyr” diýdi.

Mustafa Alkynjy saparynyň 15-nji iýuldaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygynda şehit bolanlar üçin duýgudaşlyk bildirmek taýdan-da pursat döretjekdigini aýtdy.

DKTR-nyň Prezidenti Akynjy Ankarada Prezident R.T.Erdogan we Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen duşuşar.

Mustafa Akynjy Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň agdarlyşyk synanşygynda bombalanan Mejlise hem baryp görer.


Etiketkalar: #DKTR , #Ankara

Degişli Habarlar