Gazagystanyň Prezidenti Türkiýä sapar gurar

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew 5-nji awgustda resmi sapar bilen Ankara geler

545023
Gazagystanyň Prezidenti Türkiýä sapar gurar

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Nusrsoltan Nazarbaýewi Prezident kompleksinde resmi dabara bilen garşylar.

Toparara we ikiçäk duşuşyklarda sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşylar.

Erdoganyň Gazagystanyň Prezidenti Nazarbaýewe ýurdundaky Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamyna degişli bolan mekdepleri ýapmazlyk baradaky kararyna nägilelik bildirmegine garaşylýar.

Gazagystanyň Ylym we Bilim ministrligi gurama degişli 27 mekdebi ýapmagy ret edipdi.



Degişli Habarlar